Turkmenportal logo
Düýn 10:44
1430014300
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa rus diline berýän goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär

Russiýa rus dilinde bilim almak üçin döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistana minnetdardyr. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy mynasybetli «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda ýazdy.

«Ýurduň çäginde rus dilinde bilim almak üçin giň şertleri döredendigi üçin türkmen tarapyna minnetdardyrys» diýip, diplomat belledi.

Onuň sözlerine görä, 2002-nji ýyldan bäri Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebi üstünlikli işläp gelýär we häzirki wagtda onda 1800-den gowrak çaga bilim alýar. Ilçi şeýle hem mekdebiň goşmaça binasynyň gurluşygyna çalt wagtda başlanjakdygyna umyt bildirdi.

I.Wolynkin 2026-njy ýylyň martynda Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan ýörite Türkmenistan üçin işlenip düzülen rus dilini öwrenmek boýunça onlaýn kursuň işe girizilendigini habar berdi. Bu taslama iki ýurduň Bilim ministrlikleriniň hyzmatdaşlygynyň çäginde durmuşa geçirildi. Birinji tapgyrda türkmen mekdepleriniň birinji synp okuwçylary üçin 70 sany wideosapak ýerleşdirildi we geljekde bu maksatnamanyň beýleki ýaş toparlary üçin hem giňeldilmegine garaşylýar.

Şeýle-de ilçi Türkmenistandan bolan 54 müňden gowrak talybyň ýokary bilim almak üçin Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerini saýlandygyny belledi. 2026-njy ýylda federal býujetiň hasabyna türkmenistanly dalaşgärleri okatmak üçin hökümet tarapyndan bölünip berlen ýer 500 orun derejesinde saklanyp galyndy.