Turkmenportal logo
Düýn 10:37
1178811788
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Russiýa diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygyny belleýärler

Geçen onýyllyklaryň dowamynda Russiýa we Türkmenistan hormat goýmaga, ynanyşmaga we konstruktiw dialoga esaslanýan çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurdular. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy mynasybetli «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda ýazdy.

«Iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdi we şu günki gün doly hukukly esasda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýedir» diýip, diplomat belledi.

Onuň sözlerine görä, Moskwa we Aşgabat global hem-de sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini yzygiderli görkezip, gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn derejede, hem-de halkara guramalarynyň çäginde giňeldýärler. Russiýa Aşgabadyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky» hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky» kararnamalary goldady. 

I Wolynkin 2025-nji ýylyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm tapgyr bolandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maý aýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin, dekabrda bolsa Sankt-Peterburgda geçirilen GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýada iki gezek saparda boldy 12-nji dekabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara forumyň plenar mejlisinde çykyş etdi we Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen gepleşikler geçirdi.

Ilçi ýylyň beýleki ähmiýetli wakalarynyň hatarynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 2025-nji ýylyň iýunynda Türkmenistana bolan resmi saparyny (onuň netijeleri boýunça 2025–2026-njy ýyllar üçin DIM-ara geňeşmeleriň meýilnamasyna gol çekildi), şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň oktýabr aýynda Moskwa bolan saparyny belledi. Bu sapar Russiýanyň Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekilmegi bilen tamamlandy.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýuldy.