Turkmenportal logo
Düýn 23:37
67056705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň täze ilçisi işe başlady
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň daşary işler ministri R.Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Je bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomat öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada daşafry syýasat edarays habar berýär.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu hyzmatdaşlyk köp ýyllyk dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle hem, ýokary derejedäki saparlaryň we gatnaşyklaryň syýasy dialogy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar halkara düzümleriň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn dialogy ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işewür toparlaryň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda mümkinçilikleri, bilim we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy ilçiniň täze wezipesindäki işine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.