Turkmenportal logo
Düýn 18:13
33863386
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Türkiýe halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşýar

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.