Turkmenportal logo
Şu gün 10:28
62816281
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni satyn aldylar. 

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, bugdaý uny, buýan köküniň ekstrakty, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary ýerlenildi.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 124 million 806 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagyny, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), tehniki kükürdi («Türkmengaz» döwlet konserni), bugdaý ununy, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulygyny, nah matany, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.