Turkmenportal logo
Şu gün 09:25
24302430
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde at çapyşyklary geçirildi

5-nji aprelde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýazky möwsümiň başlanýandygyny alamatlandyrýan at çapyşyklary geçirildi. Aşgabat atçylyk sport toplumynda 10, sebitleriň her birinde 5 çapyşykda guralan bäsleşiklerde bedewler öz ýyndamlygyny görkezip, janköýerleriň uly goldawyna mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Saýlama ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny synlamaga gelen köp sanly janköýerler ilkinji çapyşykda 1 müň 200 metr aralyga geçirilen ýaryşa tomaşa etdiler. Bu çapyşyk örän çekeleşikli ýagdaýda geçmek bilen, onda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kamatly diýen dor at geldi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 24.2 sekuntda geçmegi başardy. Tomaşaçylar ýaryşyň ikinji çapyşygynda Aşgabat şäher häkimligine degişli Eminaý diýen dor atyň ýeňiş gazandy. Bu bedew 1 müň 200 metr aralygy 1 minut 25.1 sekuntda geçdi. Üçünji çapyşyk hem 1 müň 200 metr aralyga geçirildi. Onda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Ülkäm diýen gurt mele aty 1 minut 22.6 sekunt wagt bilen pellehanadan birinji geçmegi başardy. Şol aralyga geçirilen dördünji çapyşykda bolsa G.Saparowyň hojalygyna degişli Aksakal diýen gara at pellehanadan birinji geçdi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 23 sekuntda geçmegi başardy.

Bäşinji çapyşyk üçin 1 müň 400 metr aralyk bellenildi. Saýlama bedewleriň bu ýaryşynda tomaşaçylar has-da gyzgalaňly çapyşygyň şaýady boldular. Pellehana ýakynlaşdygyça bedewleriň aýak uruşlaryna has-da ýokary depgin bermekleri janköýerleriň şowhunyny barha belende göterdi. Netijede, degişli aralygy 1 minut 37.7 sekuntda geçen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Kalbynur diýen mele aty ýeňiji boldy.

Altynjy çapyşykda-da bedewler 1 müň 400 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. G.Mämmedowyň hojalygyna degişli Bendesen diýen dor at bellenilen aralygy 1 minut 35.3 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.

Ýedinji çapyşyk üçin aralyk biraz artdyryldy. Indi bedewler 1 müň 600 metr aralyga geçirilen ýaryşa goşuldylar. Elbetde, nobatdaky çapyşygyň hem tomaşaçylarda döreden şowhuny beýlekilerdäkiden peslär ýaly bolmady. Messepli diýen dor at ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bu bedewiniň bellenilen aralygy geçmek üçin sarp eden wagty 1 minut 51 sekunda deň boldy.

Sekizinji çapyşyk üçin hem aralyk ýene biraz artdyrylyp, menzil 1 müň 800 metr diýlip kesgitlenildi. Gyzykly geçen bu çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şaly diýen mele aty pellehanadan birinji geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy 2 minut 4.6 sekuntda geçdi.

Dokuzynjy çapyşyga goşulan bedewler üçin aralyk ýene-de 200 metr artdyryldy. Indi badalga bilen pellehananyň aralygy 2 müň metrden ybarat boldy. Netijede, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Goçýigit diýen dor atyň ýeňiş gazandy. Ýeňiji bedew bu aralygy 2 minut 19.6 sekuntda geçdi.

Jemleýji, onunjy çapyşykda-da ýyndamlykda şöhrat gazanan bedewler 2 müň metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Örän dartgynly we çekeleşikli häsiýete eýe bolan bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Dowamat diýen dor aty pellehanadan birinji geçmegi başardy. Ýeňiji at bellenilen aralygy 2 minut 20.6 sekuntda geçmegi başardy. At çapyşyklarynyň ýeňijilerine gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.