Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda Gazananyň alyp barýan işleri, çagalara hemaýat bermek, olaryň saglyklaryny dikeltmek hem-de dünýäniň dürli döwletlerine zerur bolan ynsanperwerlik kömeklerini ugratmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumatlar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gaznanyň alyp barýan asylly maksatlarynyň dowam etdirilmelidigini, şol bir wagtda bu ugurda ýola goýlan halkara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bejerişiň tebigy usullaryna degişli tejribe alyşmagyň, ýurtda hereket edýän şypahanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça zerur tagallaryň edilmelidigini nygatdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda degişli düzümler bilen iş alyp barmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda özüniň degişli maslahatlaryny berip, bu ýerden ugrady.