Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýewropa gününe bagyşlanyp «Dostlugyň ganatlary: ÝB × Türkmenistan» atly halkara ylgaw geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde, Run-Rush jemgyýetçilik hereketiniň goldawy bilen guralýar.
Ylgaw 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Garaşsyzlyk seýilgähinde geçiriler. Ylgawa sagat 08:00-da badalga berler. Gatnaşyjylara 2, 5 we 10 km aralyklar, şeýle hem ähli isleg bildirýänler üçin ýörite aralyk hödürlener. Ýeňijilere baýraklar garaşýar, dürli ýaşdaky gatnaşyjylar üçin sport çäreleri göz öňünde tutulýar.
Çärä tejribeli ylgawçylar bilen bir hatarda, dostlary we ýakynlary bilen işjeň ertiri geçirmek isleýänleriň ählisi gatnaşyp biler. 16 ýaşa çenli çagalar diňe ene-atalary ýa-da hossarlary bilen bilelikde gatnaşyp bilerler.
Hasaba alyş 7–8-nji aprelde sagat 16:00-dan 20:00-a çenli oflaýn görnüşde iki ýerde geçiriler: Hiroo Ashgabat (9-njy kiçi etrapça) we Magtymguly şaýolunyň 150-nji jaýynda ýerleşýän haýwanlar üçin dükan. Gatnaşmak üçin şahsyýeti tassyklaýan resminama hökman bolmalydyr.