2–3-nji aprelde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň resmi adamlary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Olaryň dowamynda birnäçe möhüm ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2-nji aprelde Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili bilen duşuşyk boldy. Taraplar syýasy, ykdysady hem-de ulag-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyna degişli resminamalary gözden geçirdiler. Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
3-nji aprelde ilçi Gruziýanyň basyp alnan çäklerinden mejbury göçürilen adamlaryň işleri, zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goragy boýunça ministri M. Sardžweladze bilen I. Kutateladze adyndaky derman serişdeleri we himiýa institutynda duşuşdy.
Duşuşyga Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory I. Natroşwili hem-de institutyň direktory M. Getiýa hem gatnaşdy. Gepleşiklerde derman serişdeleri, lukmançylyk ylmy-barlaglary we fitoterapiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda ilçi institutyň enjamlary we ylmy-barlag işleri bilen tanyşdy.