Turkmenportal logo
Şu gün 11:22
32743274
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda balyk tutujy flotuň gämisiniň ekipažynyň iň az düzümi boýunça talaplar tassyklanyldy

Türkmenistanda balyk tutujy flotuň gämisiniň ekipažynyň iň az düzümini kesgitleýän kadalar güýje girdi. Degişli buýruk 2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kabul edilip, 25-nji martda Adalat ministrligi tarapyndan 1934 belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Resminama Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksiniň 46-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Tassyklanan kadalar gäminiň umumy sygymyna baglylykda ekipažyň iň az sanyny — 500 registr tonnadan başlanýan gämiler üçin 13 adamdan başlap, 6000 registr tonnadan ýokary gämiler üçin 16 adama çenli kesgitleýär.

Ekipažyň hökmany düzümine kapitan, uly kömekçi, wahta kömekçiler, bosman, deňizçiler, uly mehanik, wahta mehanikleri, elektromehanik, radiooperator, aşpez, şeýle hem uly gämiler üçin bufetçi girýär. Resminamada birnäçe kadadan çykmalar hem göz öňünde tutulýar: hususan-da, kenardan 20 deňiz miline çenli çäkli sebitlerde ýüzülende wahta işgärleriň sanyny azaltmaga rugsat berilýär, şeýle-de kapitanyň ýa-da onuň kömekçileriniň degişli resminamalary bar bolan ýagdaýynda radiooperator wezipesini ýatyrmaga ýol berilýär.

Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň, şeýle hem Balkan welaýatynyň Baş maliýe we ykdysady müdirliginiň başlygynyň üstüne ýüklenildi. Buýruk Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ylalaşyldy.