Turkmenportal logo
Düýn 20:11
54505450
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionatynyň jemleri jemlendi

Aşgabatda Türkmenistanyň küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionaty geçirildi. Ýaryş 22–28-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guraldy.

Çempionata jemi 12 sany güýçli topar gatnaşdy. Şolaryň 3-si Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň toparlary boldy; 2 topar Lebap welaýatynyň sport we bedenterbiýe baradaky komitetiniň adyndan çykyş etdi. Şeýle hem bir topardan Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň maýyplar sport kluby, Türkmenistanyň milli sport oýunlary merkezi, Ahal welaýatynyň sport we bedenterbiýe baradaky komiteti, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport kluby, Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport instituty, «Küşt Älemi» küşt akademiýasy hem-de «Halk Hazyna» hojalyk jemgyýeti gatnaşdy.

Ýaryşyň dowamynda toparlar öňdeligi gazanmak ugrunda ýokary derejeli sport göreşini görkezdiler. Çempionatyň jemleri boýunça baýrakly orunlar aşakdaky ýaly paýlandy:

  • I orun – Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň «AŞGABAT» topary;

  • II orun – Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «GALKAN» sport klubynyň topary;

  • III orun – Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «TALYP SPORT» topary.

Ýeňiji toparlara ýaryşyň kuboklary gowşuryldy, oýunçylar bolsa hormat hatlaryna we medallara mynasyp boldular.

Şeýle hem şahsy baýraklar hem gowşuryldy: her tagtada iň gowy çykyş eden üç oýunçy sylaglandy.

Türkmenistanda şeýle görnüşli ýaryş ilkinji gezek geçirilip, ýurtda toparlaýyn küşt ýaryşynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berdi.