Turkmenportal logo
Düýn 17:47
83718371
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň TANK we HAVAL kysymly ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulaglary Aşgabatdaky sergide tanyşdyryldy

Aşgabatda geçirilýän «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köp ugurly halkara sergisinde TANK 300, 500 hem-de HAVAL kysymly, Great Wall Motors (GWM) tarapyndan öndürilen premium derejeli hytaý awtoulaglary görkezilýär.

«Biziň pawilýonymyzda 5–6 model hödürlenýär. Premium derejede – Great Wall Motors kompaniýasynyň TANK 300 we 500 modelleri bar. Ähli awtoulaglarymyzyň esasy aýratynlygy – çarçuwaly gurluşy we goşa aýna bilen üpjün edilmegidir» — diýip, Turkmenportal neşiriniň habarçysyna GWM-niň Türkmenistandaky satuw boýunça menejeri Meret Orazow gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, hytaý awtoulaglary oturgyçlaryň owkalama we howalandyryş ulgamy, gyzdyrma, şeýle hem alynky aýnanyň spiral arkaly ýyladylmagy bilen enjamlaşdyrylandyr. «Awtoulaglar örän amatly we ýokary geçijilik ukybyna eýedir. Modellerimiziň 90 göterimi doly hereketlendirijilidir» — diýip, Orazow belledi.

Ähli awtoulaglara üç ýyllyk kepillik berilýär. Aşgabatda we Maryda hyzmat ediş merkezleri eýýäm doly güýjünde işleýär. Ýakyn wagtda karzlaşdyryş maksatnamasyny işe girizmek meýilleşdirilýär, häzirki wagtda bolsa nagt töleg mümkinçiligi bar.

Hytaý awtoulag senagatynyň türkmen bazaryndaky geljegi barada aýtmak bilen, menejer onuň paýynyň artjakdygyna ynam bildirdi. «Ýakyn 2–3 ýylda hytaý awtoulaglarynyň türkmen bazaryndaky paýy ep-esli artar diýip pikir edýärin. Hil we baha taýdan olar beýleki hiç bir brendden pes däldir» — diýip, ol belledi.

GWM satuw möçberi boýunça dünýäniň iň iri 5 awtoulag öndürijisiniň hataryna girýär – ýylda 2,5 milliondan gowrak awtoulag öndürilýär. Orazowyň bellemegine görä, kompaniýa geçen ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanda 60-dan gowrak awtoulag satdy. Olary döwlet edaralary, hususy kärhanalar we ýurduň raýatlary satyn aldy.

Aşgabatdaky hyzmat ediş merkeziniň salgysy: G.Kulyýew köçesi 38 (Ojar Aziýa binasy)

Telefony: +99362555005