Turkmenportal logo
Şu gün 13:37
37353735
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda elguşlary getirmegiň we ýurduň çäginden çykarmagyň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi 2026-njy ýylyň 23-nji fewralyndaky № 32-ö buýrugy bilen Elguşlary Türkmenistana getirmegiň we onuň çäginden daşyna alyp gitmegiň, şeýle hem olary satyn almagyň, satmagyň, çalyşmagyň we sowgat bermegiň tertibini tassyklamak hakynda tassyklady. Resminama 2021-nji ýylda kabul edilen «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlandy.

Tertibe laýyklykda, elguşlaryny — bürgütleri, laçynlary, gyrgylary we beýleki laçynlar maşgalasyna degişli guşlary — döwlet serhedinden geçirmek diňe ygtyýarly edaranyň rugsady bilen amala aşyrylýar. Rugsadyň hereket ediş möhleti 60 gündir. Eger elguşuň görnüşi Türkmenistanyň 2024-nji ýylda goşulan СITES Konwensiýasynyň goşundylaryndaky sanawyna girýän bolsa, onda şeýle elguşlary Türkmenistana getirmek we (ýa-da) Türkmenistanyň çäginden daşyna alyp gitmek СITES Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Elguşlaryny getirmeklige we çykarmaklyga üç ýagdaýda: ylmy barlaglary geçirmek, halkara sergilerine we ýarmarkalaryna gatnaşmak, şeýle hem elguşlar bilen aw awlamak boýunça halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin rugsat berilýär.

Rugsat almak üçin ýüz tutýanlar — ýuridiki we fiziki şahslar — weterinar şahadatnamalaryny, elguş barada maglumatlary hem-de çykarmagyň maksadyny tassyklaýan resminamalary öz içine alýan toplumy tabşyrmaga borçludyr. Ygtyýarly edara ýüz tutmalary 30 senenama gününiň dowamynda seredýär.

Elguşlaryň eýeleri özüne degişli elguşy Daşky gurşawy goramak ministrliginde we Türkmenistanyň Elguş awçylarynyň milli jemgyýetinde hasaba almaga borçludyr. Hasaba almak degişli şahadatnama berilmegi bilen, bäş iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.

Ýurduň içinde elguşlaryny satyn almak-satmak, çalyşmak we sowgat bermek taraplaryň özara razylygy bilen, hökmany ýazmaça şertnama baglaşylmazdan amala aşyrylyp bilner. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlar bilen bagly amallar bolsa, kanunçylygyň aýratyn kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

Tertibiň berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Elguş awçylarynyň milli jemgyýetiniň üstüne ýüklenendir. Şu Tertipde bellenen kadalaryň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.