Turkmenportal logo
Şu gün 09:35
29502950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyplaryň arasynda geçirilen «Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, uniwersitetiň «Oguz han» ylmy-tehnologiýa merkeziniň binýadynda geçirilen çärä ýurduň 15 ýokary okuw mekdebiniň her birinden bir topar gatnaşdy.

Hakatonyň dowamynda gatnaşyjylara «Etut.developer» bilim web-saýtynyň özboluşly görnüşlerini döretmäge hem-de onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion pikirlerini we işläp taýýarlamalaryny hödürlemek teklip edildi. 

Netijede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň toparlary 1-nji orna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 2-nji orny eýelediler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplar toparlary 3-nji orna eýe boldular.