Turkmenportal logo
Düýn 16:45
78837883
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparyna täze ýolbaşçy bellenildi
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeý bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Matsuşita Şinpeýi Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine we möhüm ugurlara degişli meselelere, hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Aşgabatda «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» parlamentara forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar garadylar.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejeli hyzmatdaşlygy saklamak boýunça teklipler alşyldy.