Eýranyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanda ýaýradylan makalada ilçi Ali Mojtaba Ruzbehani sebitiň häzirki emele gelen ýagdaýynda Aşgabadyň tutanýerli garaýyşyna we hereketlerine ýokary baha berdi.
Diplomatyň sözlerine görä, Eýran bilen 1200 kilometrden gowrak umumy serhede eýe bolan Türkmenistan ilkinji günlerden bäri «hemişelik oňyn bitaraplyk» ýörelgesine eýerip, düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly parahatçylykly çözmäge çagyrdy. Mundan başga-da, türkmen tarapy raýatlaryň hereket etmegine we maşgalalaryň birleşmegine ýardam bermek üçin ähli çäreleri gördi.
Ilçi şeýle hem Türkmenistanyň beýleki goňşy döwletler bilen birlikde Eýrana ynsanperwer kömegini ugratmaga gatnaşandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý iki halkyň arasyndaky çuňňur sebit we siwilizasiýa baglanyşyklarynyň bardygyny görkezýär.
«Türkmenistanyň jemgyýeti Eýranda bolup geçýän wakalary uly duýgudaşlyk bilen synlaýar. Bu bolsa hoşniýetli goňşuçylyk diplomatiýasynyň berkdiginiň jedelsiz subutnamasydyr» — diýip, Ali Mojtaba Ruzbehani nygtady.