Turkmenportal logo
Şu gün 14:08
57085708
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nökerguly Atagulyýew Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 1-nji aprelde Azerbaýjana iş sapary bilen bardy.

APA agentliginiň habar bermegine görä, myhmany Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň birinji orunbasary Elnur Aliýew, daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow we beýleki resmi adamlar garşy aldylar.

Mundan ozal Nökerguly Atagulyýew Gruziýa sapar edip, şol ýerde ýurduň premýer-ministri we beýleki resmi adamlar bilen gepleşikleri geçirdi, şeýle hem Poti deňiz portynyň işi bilen tanyşdy.