31-nji martda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen duşuşdy diýip, belarus ilçihanasynyň saýty habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky awiagatnawlary ösdürmek, şeýle-de umuman ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine seretdiler.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini we Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.