Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Lot ¹ 1 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.
Lot ¹ 2 — Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Agaýusup geňeşliginiň Şöhrat şäherçe merkezindäki hassahana üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.
Lot ¹ 3 — Türkmenistanyň Baş prokuraturasy üçin barlaghana reaktiwlerini hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.
Başga-da bu temada

Döwlet
|11.02.2024
67107
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Döwlet
|11.02.2024
64364
Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|29.01.2024
40898
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|26.01.2024
36921
