«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralarda daşary ýurtlardan getirilýän ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny synag edýän barlaghana enjamlar toplumlaryny we stendleri satyn almak boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.
Bäsleşik boýunça teklipler iki sany aýry bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.
Bäsleşik boýunça teklipler Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 201-nji jaýynda ýerleşýän «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň binasynda 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgilerimiz: (+99312) 95-72-96, 95-73-45, faks: (+99312) 95-72-98.
Başga-da bu temada

Döwlet
|11.02.2024
67108
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Döwlet
|11.02.2024
64365
Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|29.01.2024
40898
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|26.01.2024
36924
