Turkmenportal logo
07.10.18
85698569
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergisi we maslahat geçiriler
«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergisi we maslahat geçiriler
Salgysy:Отел «Сейрана», (Аваза)
Telefon belgisi:39-25-84, 95-73-54

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti  bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 9 — 10-njy oktýabrynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny we taryhy ýadygärliklerini giňden tanyşdyrýan syýahatçylyk forumyny geçirýär
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
9-njy oktýabrda sagat 10:00-dan — 18:00-a çenli;
10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan — 15:00-a çenli.
Sergi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Seýrana» myhmanhanasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-25-84, 95-73-54.

Başga-da bu temada