Turkmenportal logo
26.05.18
1125411254
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Dünýä nusgalykdyr türkmen dokmasy» atly dokma önümleriniň halkara sergisi geçiriler
«Dünýä nusgalykdyr türkmen dokmasy» atly dokma önümleriniň halkara sergisi geçiriler
Salgysy:Торгово-промышленной палаты Туркменистана по адресу: г.Ашхабад, Чандыбил шаёлы, 143.
Telefon belgisi:39-88-70, 39-88-81/82/83/84/85/86

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Dokma senagaty ministrligi 2018-nji ýylyň 27 — 28-nji maýynda «Dünýä nusgalykdyr türkmen dokmasy» atly dokma önümleriniň halkara sergisini we türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisini geçirýär.
Guraýjy topar ýurdumyzyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.


Serginiň iş wagty:
27-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
28-nji maýda sagat 10:00-dan 16:00-a çenli.


Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-70, 39-88-81-(82)-(83)-(84)-(85)-(86).

Başga-da bu temada