2024-nji ýylyň täleýnamasy: aždarhanyň ýyly hemmelere özgeriş wada berýär

0
51170

Astrolog-çaklaýjy Anna Timofeýewa “Komsomolskaýa prawda” neşiriniň sahypalarynda geljekki ýylyň täleýnamalar babatda nähili ýyl boljakdygy barada gürrüň berdi.

Gündogar senenama laýyklykda, 2024-nji ýyl aždarhanyň ýyly hasaplanýar. Geljek ýyl hamallara (guzy) üstünlige ýetmek üçin göreşmegi wada berýär, ýöne bu hemişe oňuna bolar diýildigi däldir. Sebäbi munda birbada köp maksada ýetmek üçin ylgap, ahyrynda hiç zatsyz galmak töwekgelligi bar. Saglyga has köp ähmiýet berip, çylşyrymly sport türgenleşiklerinden daşda durmaly. 2024-nji ýyl hamallara maşgala gurmak üçin oňaýly ýyldyr. Şeýle hem geljek ýylda täze dostlary tapmak ýa-da tersine, köne tanyşlar bilen gatnaşyklaryň kesilmegi mümkindir.

Sowurlaryň (öküzçe) zähmet ýolundan garaşýan şowlulyklary pikir edişleri ýaly tiz amala aşmaz, esasy zat ondan ýüz öwürmezlikdir. 2024-nji ýylda sowurlar üçin iş meselesinde gijikdirmeler we kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýylyň birinji ýarymy bolsa jaý almak ýa-da täze jaýa göçmek üçin amatly bolar.

Geljek ýyl jöwzalar (ekizekler) üçin aýratyn üstünlikli ýyl bolar. Ol iň kyn hasap edýän arzuwlaryňyzy amala aşyrmak üçin amatly, ýöne şonda-da tagalla etmegiňizi talap eder. 2024-nji ýylda kynçylyklaryň çeşmesi garyndaşlar bolup biler, ýagny olar sizden kömege mätäç bolup bilerler.

Seretanlar (leňňeç) üçin geljek ýyl durmuşyna beýleki adamlaryň we dürli ýagdaýlaryň gatyşmagy bilen, kynçylykly, zähmeti, göreşmegi talap edýän ýyl bolar. Duýgularyny ýeňip geçip bilýän seretanlar ähli meselelerini çözmegiň, netijeli pul gazanmagyň we zähmet ýolunda üstünliklere ýetmegiň ugur-ýoluny taparlar. Şeýle hem indiki ýylda olaryň maşgalasyna täze agza goşulyp biler.

Esetler (ýolbars) üçin öňümizdäki täze ýyl şahsy-durmuşy we işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem tanyşlaryň gerimini giňeltmek üçin juda amatly döwür bolar. Netijesiz gatnaşyklar undulyp, uly potensialy bolan adamlar bilen dostlugyň täze üstünlikleri gazanylar. Esasy zat — erjellige we çemeleşmäge üns bermek.

Sünbüleler (gyz) 2024-nji ýylda köp işlemeli bolarlar, sebäbi olaryň bu babatda jogapkärçiligi artar. Has täsirli netije gazanyp, käbir işleriňizi beýlekilere tabşyrmagy öwrenmeli bolarsyňyz. Şeýle hem saglygyňyza ünsli gözegçilik edip, dürli kesellerden özüňizi goramaly bolarsyňyz. Saglyk näsazlygy ýüze çyksa, öz wagtynda lukmana ýüz tutmagy unutmaly däldir. Jedellere we dürli konfliktlere goşulmak özüňize müşgillik döreder.

Geljek ýyl mizanlar (terezi) üçin maliýe meselesinde täze geljegi açar. Çagalar bilen gatnaşyklarda, esasanam, ýetginjekler bilen kynçylyklar ýüze çykyp biler. Şeýle hem, olar üçin 2024-nji ýyl şahsy durmuşdaky üýtgeşmeleri — täze gatnaşyklary açmagy ýa-da durmuş gurmagy wada berýär. Ýylyň ikinji ýarymynda olar hyzmatdaşlaryndan pul goldawyna garaşyp bilerler.

Akraplar (içýan) 2024-nji ýylda öz gymmatlyklaryna täzeden baha bermeli bolarlar. Öň kanagatlanma bilen garalan köp zatlar barada kesgitli hasaplap ýören pikirlerini üýtgedip bilerler, kemçiliklerini ýüze çykararlar. Ýylyň birinji ýarymynda olar iş ýerlerini üýtgetmäge, hünär taýýarlygy okuwlaryny geçmäge, täze taslamalara başlamaga we öňden bar bolan bergilerini tölemäge mümkinçilik taparlar.

Kowuslar (keman) indiki ýylda gaty işjeň we başarnykly bolarlar. Maksatlaryna ýetip bilerler, döredijilikli pikirleri durmuşa geçirerler ýa-da syýahat ederler. Ýylyň ikinji ýarymynda kowuslara saglygyna has köp üns bermek maslahat berilýär. Olarda aşa köp işlemek sebäpli, bökdençlikler ýüze çykyp biler. Ýylyň birinji ýarymynda maşgala körpejigiň gowuşmagy mümkindir.

Jediler (owlak) geljek ýylda pul gazanmak bilen başagaý bolsalar gerek. Dürli ýagdaýlarda örän tiz netije çykarmaly bolarlar. Bu meselede bolsa täze özleşdirilen başarnyklar we bilimler kömek eder. Bu ýylda jedilere gozgalmaýan emläk bilen bagly meseleleri çözmek we iş üçin maýa goýujylary tapmak mümkinçiligi bar, ýöne öz maýa goýumlaryňyz babatda seresap bolmak maslahat berilýär. Täze dostlaryň ýa-da pikirdeş adamlaryň duşmagy mümkin.

Daluwlar (gowa) 2024-nji ýylda edýän işleri we işleýän ýerleri babatda dürli kynçylyklara hem-de synaglara sezewar bolup bilerler. Olar netijesiz taslamalary dowam etdirmegiň zerur däldigi barada ünsli pikirlenmeli bolarlar. Mundan başga-da, daluwlar saglygyna we ýaşaýyş durmuşyna has köp ähmiýet bermelidir. Ýöne bu ýylda şahsy durmuşyňyzy gowulandyrmak ýa-da käriňizi üýtgetmek üçin mümkinçilikler bardyr.

2024-nji ýylda hutlaryň (balyk) durmuşyny işe we ösüşe päsgel berýän gerekmejek zatlaryň ählisi terk eder. Käbir adamlaryň hemme zady özleri üýtgetmek islär, käbirlerini bolsa ýagdaýlar mejbur eder. Geljek ýyl olar üçin durmuşyň täze basgançagyna gadam basmak bolup biler. Ýylyň birinji ýarymynda maliýe işleriňizi üstünlikli ösdürip bilersiňiz, ikinji ýarymynda bolsa hukuk meselelerini ýerlikli çözmek mümkin bolar.

Peýdalanylan çeşme: kp.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar