Amerikanyň öňki prezidenti Jo Baýden ýakynda deri düwnük keseliniň zäherli öýjüklerini aýyrmak boýunça hirurgiki operasiýany geçirdi. Bu barada NBC News teleýaýlymy 5-nji sentýabrda ozalky döwlet ýolbaşçysynyň metbugat sekretaryna salgylanyp habar berdi.
Alnan maglumatlara görä, operasiýa Moosyň usuly bilen geçirilipdir — bu usul deri düwnük keselini bejermekde giňden ulanylýan ýokary netijeli hirurgiki tehnikadyr. Baýdeniň wekili onuň operasiýadan soňky dikeldiş döwrüni üstünlikli geçýändigini mälim etdi.
Operasiýanyň anyk senesi görkezilmeýär. Ýöne Sky News teleýaýlymy awgust aýynyň ahyrynda Delawer ştatyndaky ybadathanadan çykýan pursatdaky wideo ýazgyda Baýdeniň kellesinde täze operasiýa yzynyň görünýändigini belleýär.
Bu Baýdene deri düwnük keseliniň bejergisi boýunça geçirilen ilkinji operasiýa däldir. 2023-nji ýylda prezident wezipesini ýerine ýetirýän mahaly ol gursagynyň sebitinde şuňa meňzeş operasiýany geçirmeli bolupdy. Şonda onuň lukmany Kewin O’Konnor ähli zeperlenen dokumalaryň üstünlikli aýrylandygyny we goşmaça bejergi geçirmeklige zerurlygyň bolmandygyny habar beripdi.
