Lebap welaýatynyň pagtaçylary geçen ýazda jemi 130 müň gektar meýdana gowaçanyň iň köp hasyl berýän, kesellere durnukly sortlarynyň 13 müň tonnadan gowrak tohumyny agrotehniki talaplara görä, öz wagtynda ekmegi başardylar. Olaryň köp bölegi ýurduň alymlary tarapyndan döredilen «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «S-2006», «Ýolöten — 53» ýaly sortlar bolansoň, hasyly irki möhletde ýetişýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Fransiýada öndürilen, tohumlyk çigidi takyk taşlaýan we telematik ulgam bilen dolandyrylýan «Monosem» gowaça ekijileriniň welaýat boýunça 64-si ekişde ulanyldy. Ekişden soň gowaça bejergisinde daşary ýurtlardan satyn alnan «Ortman-8375» kysymly 8 hatarly kultiwatorlaryň hem 33-si işjeň ulanylýar. Bu kämil kultiwatorlar hem-ä gowaçanyň düýbüni ýumşadýar, hem-de dökün berýär.
Her düýp gowaçada eýýäm 6-7 sany açylan gozanyň, 10 — 12 sany köregiň, 8 — 10 sany gülüň bolmagy gowaçaly atyzlaryň bu ýyl hem daýhana bereket eçiljekdigini görkezýär.
Welaýatda şu ýyl pagtaçy daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny kabul edip alar ýaly harmanhanalaryň 44-si taýýar edildi. Olardaky ölçeýji tereziler doly abatlanyp, bökdençsiz işlär ýaly ýagdaýa getirildi. Her bir harmanhanada ýangyn howpsuzlygynyň kadalary babatda ýörite okuwlar geçirilip, bölümler zerur bolan serişdeler bilen üpjün edildi.
