Turkmenportal logo
04.09.25
1755217552
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lissabonda asma ýoldaky heläkçilikde 15 adam gurban boldy
Surat: Rg.ru

Lissabon şäheriniň «Gloriýa» asma polat ýolundaky heläkçilikde pida bolanlaryň sany azyndan 15 adama ýetdi. Ilki üç adamyň gurban bolandygy habar berilýärdi, indi polisiýa maglumatlary anyklaşdyrdy diýip, «rg.ru» ýazýar.


Ejir çekenler 18 adam, bäş adam agyr şikes alyp, ikisi agyr ýagdaýda.


«Gloriýa» asma ýoly Lissabonda 1885-nji ýyldan bäri hereket edýär. Ýerli habar beriş serişdeleriniň ýazyşy ýaly, asma ýoldaky üsti adamly gurluş San-Pedru-de-Alkantara syn ediş meýdançasyna galyp barýarka, dolandyryşy ýitirip, yzyna gaýtdy hem-de bina uruldy. Heläkçilige, şäheriň ýangyn söndüriş gullugynyň maglumatlaryna görä, demir urganyň üzülmegi sebäp bolupdyr.


Portugaliýanyň Hökümeti degişli halas ediş, lukmançylyk edaralary tarapyndan ýagdaýa gözegçilik edilýändigini habar berdi.