Türkmenistan häzirki wagtda Pars Aýlagynyň ýurtlarynyň Merkezi Aziýadaky esasy söwda hyzmatdaşy hasaplanýar. Bu barada Ýewraziýa ösüş banky habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Pars Aýlagynyň ýurtlarynyň (Bahreýn, Katar, Kuweýt, BAE, Oman, Saud Arabystany) arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda 4,2 esse ýokarlandy.
Geçen ýyl agzalan sebitleriň arasyndaky söwda dolanyşygy 3,3 milliard amerikan dollaryna deň bolup, onuň 61 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Has takygy, 2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Pars Aýlagynyň ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda 2 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň ýokary görkezijidir.
Bu ugurda ikinji ýer Özbegistana (740 million amerikan dollary), üçünji orun Gazagystana (302 million amerikan dollary) degişli.
Pars Aýlagynyň ýurtlarynyň arasynda bolsa Merkezi Aziýa bilen söwda dolanyşygy babatda Birleşen Arap Emirlikleri liderlik edýär — umumy möçberiň 97 göterimi.
Çeşmede bellenilişine görä, 2020 — 2024-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan bilen Pars Aýlagynyň ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda 9,9 esse artypdyr.
