Hytaýly alymlar kosmos beketlerinde we beýleki planetalarda ulanmak üçin kir ýuwujy maşyn döretdiler. Bu barada «South China Morning Post» gazeti habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Çemedanyň göwrümindäki kub görnüşli enjamyň agramy 12 kilogram bolup, onda 800 gram egin-eşigi ýuwmak üçin 400 millilitr suw we kir ýuwujy serişdäniň ýerine ozon ulanylýar. Suw ultrases pürkme usuly arkaly aňrybaş inçe duman görnüşde äberilýär. Kir ýuwmak 30 minut dowam edýär.
Enjam kosmonawtlara älem bekedine ýany bilen 60 göterim az egin-eşik almaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda ulanylan egin-eşikler ýük kapsulalaryna gaplanyp, Ýeriň atmosferasynda ýakylýar.
