Turkmenportal logo
01.09.25
1640516405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awgustda dünýäde iň gymmatlan haryt kofe boldy
Awgustda dünýäde iň gymmatlan haryt kofe boldy
Surat: Tvzvezda.ru

Kofeniň robusta we arabika sortlary awgust aýynda dünýäde iň gymmatlan harytlar boldy. Bu barada «Belta.by» belarus portaly habar berdi.


ICE Futures, CME Group we Şanhaýyň metallar biržasynyň maglumatlaryna laýyklykda, robusta kofesi geçen aýda 1,5 esse, arabika 29 göterim gymmatlandy. London biržasynda şekeriň, amerikan biržasynda soýa nohudynyň bahasy 4,9 göterim gymmatlady. Tomsuň aýagynda dünýäde iň gymmatlan metal mangit önümçiliginde ulanylýan neodim boldy, ol bir aýda 20 göterim gymmatlady.


Awgustda iň arzanlan agaç materiallary bolup, olaryň nyrhy 19,2 göterim pese düşdi. Ondan soň arzanlan harytlaryň misdigi (18,3 göterim) we apelsin şiresidigi (13,7 göterim) habarda bellenýär.