Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu günler güýzüň mylaýym möwsümine gadam basdy — bu döwür ýakymly gün şöhlesi, ýyly howa we rahat dynç alyş bilen tapawutlanýar. Tomsuň tamamlanandygyna garamazdan, bu ýer myhmanlary özüne çekiji gurşawy we deňziň gözellikleri bilen lezzet paýlamagyny dowam edýär. Bu şypahana künjeginde geçen ýyl açylan we myhmanlaryň söýgüsini gazanan Katmer kafesi aýratyn mylaýym ýer hökmünde tanalýar.
Katmer diňe bir kafe däl — bu ýer türk medeniýetiniň Hazar kenary bilen birleşýän giňişligidir. Ähli däp-dessurlara laýyklykda demlenen hoşboý ysly çaý, armyt şekilli bulgurlarda hödürlenip, myhmanlary Stambulyň köçelerine alyp gidýän ýaly duýgy döredýär. Ýumşak türk süýjülikleri bolsa adaty çaý içişi datly tagam baýramyna öwürýär.
Kafeniň içki bezegi we gurşawy bu sazlaşygy doly goldaýar: bu ýerde islendik adam gündelik gaýgy-gamy unudyp, pursadyň lezzetini duýup bilýär. Katmer diňe bir syýahatçylaryň däl-de, eýsem ýerli ýaşaýjylaryň hem gezelenç mahaly durup, dynç almak, dostlary bilen duşuşmak we deňiz gözýetiminde günüň ýaşýan görnüşinden lezzet almak üçin gelýän adaty ýerine öwrüldi.
Kafe «Serdar» myhmanhanasynyň birinji gatynda, «Awaza» MSZ-da ýerleşýär.
Stoly sargyt etmek ýa-da jikme-jik maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz:
+993 61 50 96 96, +993 62 71 48 48
sosial ulgamdaky sahypasy.
Güýz täze öwüşginleri getirýär, ýöne Katmer kafesinde hemişe güneşli keýpiçaglyk we Türkiýäniň bir bölegi bar — özi-de edil Hazar deňziniň kenarynda.
