Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gazagystan Respublikasynyň Mangystau sebitine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde 28-nji awgustda Mangystau sebitiniň häkimi Nurdaulet Kilybaý bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2025 — 2027-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Häkim Nurdaulet Kilybaý Mangystau sebiti bilen Balkan welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça goldamaga taýýardygyny beýan etdi diýip, Mangystau sebitiniň häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar nebit-gaz, logistika, oba hojalygy, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky uly mümkinçiliklere ünsi çekip, anyk taslamalara girişmegiň zerurdygyny nygtadylar. Mundan başga-da, serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin 5 günlük wizasyz geçiş tertibini dikeltmek baradaky başlangyç goldanyldy. Bu çäräniň ynsanperwer, medeni we ykdysady gatnaşyklary berkitmäge kömek etjekdigi nygtaldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar sebitara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Bellenilişine görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Mangystau sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 9,2 million amerika dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19 göterim Häzirki wagtda Mangystau sebitinde türkmen maýasyny gatnaşmagynda döredilen 20 sany bilelikdäki kärhana hereket edýär. Şeýle-de sebitde türkmenistanly talyplaryň 35 sanysy ýokary bilim alýar.
