Turkmenportal logo
27.08.25
3710137101
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
200 müňden gowrak türkmenistanly jahankeşde Özbegistana syýahat etdi
200 müňden gowrak türkmenistanly jahankeşde Özbegistana syýahat etdi

2025-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 200 müňden gowrak türkmenistanly jahankeşde Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.


Hasabat döwründe Türkmenistanyň raýatlarynyň 208 müň 864 sanysy goňşy ýurda syýahat etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda altynjy basgançagy eýeledi.


Sanawyň deslapky bäşliginde Gyrgyz Respublikasynyň (1 million 846 müň), Gazagystanyň (1 million 466,5 müň), Täjigistanyň (1 million 441,6 müň), Russiýanyň (536,8 müň) we Owganystanyň (267,4 müň) ady bar.


Umuman alnanda, şu ýylyň 7 aýynda 6 million 319,1 müň sany daşary ýyrtly syýahatçy Özbegistana barypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 48.9 göterim köpdür.