Ýaponiýanyň Toýoake şäheriniň ýaşaýjylaryna eltelefony günde okuwdan we işden daşgary günde iki sagada çenli ulanmak teklip edildi. Çözgüt jemgyýetde gyzgyn jedelleri döretdi diýip, «science.mail.ru» habar berdi.
Şäheriň häkimi Masafumi Koki baş maksadyň adamlaryň saglygyny we ukusyny goramakdygyny aýtdy. Şeýle-de mekdep okuwçylaryna telefon peýdalanmagy sagat 21:00-dan soňra çäklendirmek maslahat berilýär. Ýolbaşçylaryň pikirine görä, gajetler psihika çakdanaşa ýaramaz täsir etmek bilen, ukusyzlygy we ýadawlygy döredýär.
Çagalaryň we maşgalalaryň işleri boýunça agentligiň 2025-nji ýylyň martynda çap eden maglumatlaryna laýyklykda, ýapon ýetginjekleri günde bäş sagatdan köp wagtyny onlaýn ulgamda geçirýärler.
Köpler sosial torlarda şeýle çäklendirmä garşy çykýarlar. Bir ulanyjy: «Men iki sagatda hatda kino hem görüp ýetişmeýärin» diýip ýazsa, ýene birleri şeýle çözgüdiň häkimiýetleriň däl-de, maşgalanyň işidigini ýazýar.
Smartfonlary peýdalanmagy çäklendirmek maslahat beriş häsiýetlidir. Häkimiýetler bu meselede raýatlaryň dogry netijä gelmegine bil baglaýarlar. Eger bu gezek teklip makullansa, ol oktýabrdan güýje girer. Düzgüniň bozulmagy üçin jerime göz öňünden tutulanok diýlip, habarda bellenýär.
