Gurluşyk esbaplaryny we öý goşlaryny satyn alanyňyzda dogry harytlary saýlamak aňsat iş däl. Aşgabatdaky «Ak Gaýa» dükany müşderileri üçin amatly şertleri döretdi, bu bolsa zerur materiallary satyn almak işini has ýönekeý we amatly edýär.
Dükanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem hödürlenýän önümleriň hiliniň kepillendirilen bolmagydyr. Köplenç hil gözegçiligi bolmadyk adaty söwda nokatlaryndan tapawutlylykda, «Ak Gaýa» öndürijiler we resmi dilerler bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa müşderilere önümleri olaryň berkligini we ekologiýa taýdan howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň doly toplumy bilen höderlemäge mümkinçilik berýär.

Önümleriň giň görnüşleriniň bir binada jemlenmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Müşderilere indi dürli nokatlara baryp görmek üçin wagt ýitirmek zerurlygy ýok – gurluşyk we jaý üçin ähli zerur zatlary bir ýerde tapyp bolýar.
Mundan başga-da, dükanda satyn alnan harytlary eltip bermek ýaly goşmaça hyzmatlar hödürlenilýär. Harytlaryň käbir görnüşleri kepillik we gurnama hyzmaty bilen üpjün edilýär, bu bolsa enjamlary bejermek we jaýy abatlamak işini ep-esli aňsatlaşdyrýar.
Ähli müşderilere 3 ýyl möhlet bilen garaşaryna töleg mümkinçiligi döredilýär.
«Ak Gaýa» dükanyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88. Sosial ulgamdaky sahypasy.
