102 ýaşly ýaponiýaly Kokiti Akudzawa Fudzi dagyna münen iň goja adam boldy. Onuň bu rekordy Ginnesiň kitaby tarapyndan resmi bellige alyndy.
Adatça, Fudzi dagyna çykmak alty-dokuz sagady alýar. Emma Akudzawa ýoly üç güne paýlady. Ol muny öň ýüregagyryny başdan geçirendigi sebäpli, saglygyny töwekgelçilige salmazlyk üçin etdi. Üçünji gün Kokiti kislorod ýetmezçiligini başdan geçirdi, howanyň basyşy ýokarlandy we güýçli şemal turdy. Ol tasdan niýetinden el çekipdi, emma ahyrynda gyzy bilen bilelikde, dagyň çürbaşyna çykmagy başardy.
Öň ýaponiýaly Fudzi dagyna 96 ýaşynda çykypdyr. Ol ýene daga münmek maksady barada sowala degşip: «Gaýdyp çykmakçy däl» diýip, jogap berdi.
Fudzi – bu Ýaponiýanyň Honsýu adasyndaky ýanardagly we ýurduň iň beýik nokady bolan dag. Onuň beýikligi 3 776 metre deň.
