Hytaýda ýagşyň tamamlanmagyna garaşmak üçin lotereýa petekleri satylýan dükana giren zenan satyjydan 30 sany petek satyn aldy. 6-njy petegi oňa 140 müň dollar möçberde uly utuş getirdi.
Utuşyň eýesi beýle şowlulyk barada arzuw hem etmändigini gürrüň berýär. Ol utuşyny heniz nämä sarp etmekçi barada netijä gelmändigini aýtdy diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
