22-nji awgustda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň we beýleki Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Uglerod bitaraplygy we ýaşyl ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyk» maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çärede Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sok çykyş edip, täze koreý Hökümetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy artdyrmak üçin gysga wagtda ýöriteleşdirilen senagat toplumyny döretmek we uglerod bitaraplygyny hem-de ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýaşyl energiýa geçişini üpjün etmek babatda meýilnamasy bilen tanyş etdi.
Çäräniň dowamynda ilçi B.Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy. B.Durdyýew Türkmenistanyň Döwlet ýolbaşçylarynyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Hökümet Baştutanyna mähirli salamlary ýetirip, ony bu wezipä bellenmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ilçi Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Koreý tarapy minnetdarlyk bildirip, Koreýanyň Merkezi Aziýa döwletleri, hususan-da Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýändigi barada habar berdi.
