Balkan welaýatyndaky Dehistan orta asyr şäheriniň çäginde ylmy-arheologik işler geçirilýär. Ylmy-barlag işleri Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alym-hünärmenleriniň gözegçiliginde «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasy tarapyndan alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Häzirki wagtda bu gadymy şäheriň baş metjidiniň, XII-XIII asyrlara degişli hasaplanýan Juma metjidiniň howlusynyň demirgazyk girelgesi diýlip çaklanylýan ýer hem-de şäher galasynyň gündogar tarapynda ýerleşýän kerwensaraýyň galyndysy ylmy-arheologik taýdan öwrenilýär.
Ylmy işleriň netijesinde «Gündogar Renessansy» diýlip atlandyrylýan döwürdäki taryhy-medeni mirasy maddy çeşmeler esasynda öwrenmek bilen, Dehistanyň orta asyrlardaky ösen şähergurluşyk medeniýetine, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ylmy taýdan döwrebap baha bermäge täze maddy deliller, subutnamalar ýüze çykarylýar.
Ýurduň arheologiýa ylmy edebiýatyna «Dehistanyň gündogar kerwensaraýy» ady bilen giren binanyň galyndysynda häzirki wagtda dürli maksatlara niýetlenen otaglaryň 50-den gowragy hem-de binanyň howlusynyň üsti arassalandy.
Dehistanyň bu täsin kerwensaraýynyň üsti açylan bölekleri Beýik Ýüpek ýolunyň gündogar Hazarýaka sähralygyndan geçen şahasyny ylmy esasda öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Şeýle hem olar Dehistanyň ösen orta asyrlardaky gurluşyk tilsimleri we şol döwrüň binagärlik bezegleri, söwda-ykdysady durmuşy bilen bagly gymmatly maglumatlary-da özünde jemleýär. Kerwensaraýdan ýüze çykarylan tapyndylar onuň XI — XIV asyrlar aralygynda hereket edendigini çaklamaga esas berýär.
Bişen kerpiçden edilen bezeg daşlarynyň, hatlaryň galyndylarynyň köplügi bolsa Dehistanyň demirgazyk minarasyndan demirgazyk tarapda XI-XII asyrlara degişli metjitden ýüze çykarylan bezeglere, hatlara kybapdaşdyr. Açylan ýeriň gündogar ýarymyndaky iki gatly düşegiň üstünden goşmaça ýene şoňa meňzedilip düşek edilmegi, gež suwagyndan edilen bezeg nagyşlarynyň bölekleriniň ýüzüne çalnan, IX-X asyrlar bilen senelenýän Maşat ata kümmetiniň mährabyndaky ýaly gök reňkleriň bolmagy haýran galdyrýar.
