Turkmenportal logo
21.08.25
1991419914
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Siňek golf oýunçysyna topy çukura salyp, 1,5 million dollar gazanmaga kömek etdi
Surat: Sports.ru

«BMW Championship» turniri wagty britan golf oýunçysy Tommi Flitwuda siňek topy çukura tigirläp, 1,5 mln dollar utmaga kömek etdi. Bu barada «Talk Sport» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.


Türgeniň topy oýjagaza millimetr ýetmän saklandy. Şol wagt onuň üstüne siňek gelip gondy, bu topuň gozganyp, çukurjyga tigirlenip girmegi üçin ýeterlik boldy. Netijede, Flitwud ýaryşda dördünji orny eýeledi.