Hytaýyň Radio we telewideniýe boýunça milli edarasy (NTRA) dramatik seriallaryň önümçiligi boýunça bölümleriň sany we möwsümleriň aralygy barada çäklendirmeleri gowşatmakçy. Bu barada «The Wall Street Journal» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Öň seriallaryň önümçiligi boýunça 40 bölüm we aralygy bir ýyl bolan çäklendirmeler girizilipdi.
Hytaýyň häkimiýetleri şeýle-de dokumental we animasion filmleriň önümçiligini höweslendirmek, tele alnyp görkezilişlere daşary ýurt kontentleriniň hem-de gysga göwrümli drama filmleriň girizilmegini goldamak isleýärler.
