Özbegistanyň «Nowaýy» halkara how menzili Mongoliýadan birinji «diri» ýükli ýük uçaryny kabul etdi – Özbegistana «Baýat» mongol tohumyndan 1 müň goýun eltildi. Bu iki ýurduň arasynda maldarçylyk pudagynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşygyň çäklerindäki ilkinji ýükdür diýip, «Uzbekistan Airports» habar berdi.
Ýüküň umumy agramy 37 tonna. Ylalaşyga görä, oktýabryň ahyryna çenli kiçi şahly mallaryň 50 müň başyny ýurda getirmek meýilleşdirilýär.Ýylyň aýagynda çenli mallaryň umumy baş sany 100 müňe deň bolar.
Degişli ylalaşyga şu ýylyň iýunynda Özbegistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleri Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gol çekilipdi. Uzak geljekde Özbegistanda eltiljek mongol goýun-geçileriniň sanyny 1 million başa ýetirmek meýilleşdirilýär. Mongoliýa özbek miweleri we gök-bakja önümleri ýüklenen uçarlaryň 123 gatnawy amala aşyrylar.
Bu barada «Daryo.uz» portaly habar berýär.
