Türkmenistanyň «Abraýly Dostlar» hojalyk jemgyýeti täze dokma brendi bolan — ERTE brendi bilen tanyşdyrdy. Brend birnäçe aýyň dowamynda polipropileni gaýtadan işlemekden başlap, taýýar dokma çözgütlerini öndürmäge çenli doly utgaşdyrylan önümçilik ulgamyny döretdi. Kärhana önümçiligiň tutuş tehnologiki tapgyryny doly gözegçilikde saklaýar, bu bolsa önümiň hiliniň durnuklylygyny we bazar tarapyndan bildirilýän talaplara çalt uýgunlaşmagy üpjün edýär.
.jpeg)
ERTE brendi üç esasy ugur boýunça ösýär:
ERTE In™ — içki bezeg işleri üçin matalar. Matalar ýumşak mebelleriň örtükleri we içki bezeg işleriniň çözgütleri üçin niýetlenendir. Şol bir wagtda hem ýumşaklygy, berkligi we estetiki hil görkezijilerini utgaşdyrýar.
ERTE Out™ — daşky bezeg işleri üçin matalar. Ultramelewşe şöhlelerine, çyglylyga we könelmäge durnukly materiallary öndürýär. Şunuň ýaly matalar baglarda goýmak üçin niýetlenen mebelleri, kenar ýakasy üçin mebelleri, çadyrlar we saýa beriji gurluşlar üçin diýseň amatlydyr.
ERTE Tech™ — tehniki matalar. Geotekstil, oba hojalygy we senagat üçin ýokary dykyzlykly dokma önümlerini öndürýär.

Önümçilik dolulygyna Türkmenistanda ýerleşýär we häzirki zaman Ýewropa ýurtlarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kompaniýa halkara hil ülňülerine laýyklykda işleýär we hünärmenler toparynyň yzygiderli ösüşine aýratyn üns berýär.
.jpeg)
Kompaniýanyň wekilleri ERTE brendiniň filosofiýasynyň estetika bilen tehnologiki çözgütleriň arasyndan biri saýlanylman, ikisini hem utgaşdyrýan dokma çözgütlerini hödürlemekden ybaratdygyny nygtaýarlar.
.jpeg)
Habarlaşmak üçin:
Web sahypasy: www.ertefabrics.com
E-poçta: info@ertefabrics.com
Telefon: +993 64 630881
Sosial ulgamdaky sаhypasy.
