Türkmenistanyň garyşyk söweş sungaty muşdaklary ýylyň iň garaşylýan tutluşyklarynyň birini göni ýaýlymda görüp bilerler. «Setanta Sport 1» we «Matç Boýes» teleýaýlymlary Hamzat Çimaýew bilen Drikus Dýu Plessiniň arasyndaky UFC 319 ýaryşynyň çäginde baýrak almak ugrundaky söweşini görkezerler, ol ýekşenbe güni 17-nji awgustda ýerli wagty boýunça irden sagat 9:00-da başlanar.
Ýaryş 16-njy awgustdan 17-nji awgusta geçýän gije ABŞ-nyň Çikago şäherindäki «Ýunaýted-sentr» arenada geçiriler. Bu agşamyň esasy wakasy orta agramda çempionlyk guşagynyň ugrunda üstünlikli çykyş edip gelýän Hamzat Çimaýew bilen häzirki çempion Drikus Dýu Plessiniň arasynda boljak duşuşyk bolar.
Çimaýew üçin bu UFC çempionynyň adyny gazanmagyň ilkinji synanyşygy bolar. «Borz» lakamly türgeniň iň gowy garyşyk söweş sungaty ligasynda altyn guşagyň täze eýesi bolmaga ähli mümkinçiligi bar.
Ýaryşdan bir gün öň, 14-nji awgustdan 15-nji awgusta geçýän gijede UFC 319-yň esasy ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda metbugat konferensiýasy geçirildi. Söweşçiler biri-birine öz pikirlerini aýtmaga, garşydaşlaryna ýüzlenmäge we söz duelinde öz ussatlyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar.
«Setanta Sport 1» we «Matç Boýes» teleýaýlymlarynda duşuşygyp görkezilişi ýekşenbe güni irden Aşgabat wagty boýunça sagat 9:00-da başlanar. Bellemeli zat, Çimaýew bilen Dýu Plessiniň arasynda esasy tutluşygynyň takyk başlanýan wagty ýaryş kartyndaky öňdäki duşuşyklarynyň dowamlylygy sebäpli birneme üýtgäp biler.
