Kinoprodýuser Jerri Brukhaýmer «Entertainment» neşiri bilen söhbetdeşlikde aktýor Jonni Depp bilen «Karib deňziniň garakçylary» filminiň 6-njy bölüminde surata düşmek barada gepleşikleri alyp barandygyny gürrüň berdi.
Kinoçynyň sözlerine görä, Depp bu keşbe dolanyp gelmäge gyzyklanma bildirýär.
«Eger bu keşbiň ýazylyşy Deppe ýarasa, men ol razylaşar diýip pikir edýärin» diýip, Brukhaýmer aýtdy.
