Aşgabatdaky «Altyn Çaýhana» restorany müşderilerine göçme restoran hyzmatlarynyň bardygyny ýatladýar. Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary restoranyň ýokary hilli hyzmatlaryndan diňe binanyň içinde peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem, özleri üçin islendik amatly ýerde dabaralary gurap bilerler.
«Altyn Çaýhananyň» hünärmenleri Hudaýýoly we sadaka ýaly milli däp-dessurlaryndan başlap, toý dabaralaryna çenli dürli baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyny dolulygyna öz üstüne almaga taýýardyr. Toplumlaýyn hyzmatyň çäklerinde baýramçylyk çadyrlaryny kärendesine bermek, ýokary hünär derejeli işgärleriň işi we restoranyň tejribeli aşpezleri tarapyndan aşpezlik eserlerini döretmek mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr. Minimalist çemeleşmäni makul bilýänler üçin taýýar tagamlaryň aýratyn tertibi bar.
«Altyn Çaýhananyň» gastronomiki konsepsiýasy teklipleriň giňligi we ýerine ýetirilişiň ýokary derejeli bilen tapawutlanýar. Bu ýere gelýänler milli türkmen aşhanasynyň özboluşly tagamlaryny ýa-da türk we Ýewropa aşpezlik däpleriniň önümlerini saýlap bilerler.
Täze hyzmat formaty dabaralary geçirýänlere ähli amaly meseleler restoranyň professional topary tarapyndan çözülýärkä, guramaçylyk aladalaryndan azat bolup, ähli ünsüni myhmanlar bilen aragatnaşyga gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
salgysy: Gurbansoltan eje köç., 168 (demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy);
Eltip bermek hyzmatynyň telefonlary:
94 11 61,
94 11 71,
72 37 46,
72 35 47.
«Altyn Çaýhananyň» menejeri:
(+993 65) 65 53 10.
Sosial ulgamdaky sаhypasy.