Turkmenportal logo
13.08.25
2595125951
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-2 Çempionlar ligasynda «Regar-TadAZ» bilen «Ahalyň» arasynda geçiriljek oýun göni ýaýlymda görkeziler

Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda myhmançylykda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» topary bilen duşuşar.


Oýun şu gün, 13-nji awgustda Tursunzade şäheriniň «TALKO Arena» stadionynda geçiriler, duşuşygyň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da.


Duşuşygyň göni ýaýlymyny sagat 16:50-den başlap Täjigistanyň «Futbol» we «Warziş» teleýaýlymlarynda tomaşa edip bolar.


Bu duşuşykda ýeňiji bolan klub AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykar, ýeňlen topar bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyşyny dowam etdirer.