Türkmenistanda miweleriň halkara söwdasynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan «Täze Aý» dünýäniň dürli künjeklerinden ter we ýokary hilli miweleriň getirilişini işjeň ösdürmegi dowam etdirýär. Häzirki wagtda «Täze Aý» kompaniýasy ýurduň bäş welaýatyny täze önümler bilen üpjün edýär, Türkmenistanyň her bir künjegine ýokary hilli miweleri ýetirýär.

Kompaniýanyň iň möhüm ileri tutýan ugry — miweleriň terligini we tagamlylygyny saklamakdyr. Bu ýörelge hasyly ýygnamakdan başlap, ahyrynda alyjylara gowuşýan ähli tapgyrlarynda berjaý edilýär. Döwrebap usulda saklanyşy berjaý etmeklik hem-de daşama tehnologiýalarynyň kömegi bilen miweler öz tebigy şireliligini, hoşboý ysyny we peýdasyny saklap galýar. Sowadyjy kameralar we ýörite saklaýyş şertleri önümiň terligini uzaldyp, dükanyň tekjelerinde iň ýokary hilli görnüşde hödürlenmegini üpjün edýär.

Kompaniýa ygtybarly logistika ulgamlaryny ulanyp, miweleri we gök-önümler daşamagyň her bir tapgyryny doly gözegçilikde saklap, wagtynda we howpsuz eltip bermäge kepil geçýär. Bu «Täze Aý» kompaniýasyna diňe bir ýurdumyzdaky ter miweler boýunça artýan islegi kanagatlandyrmaga däl-de, eýsem önümiň durnukly ýokary hilini hem üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Eger siz söwda nokatlaryňyzy dünýäniň dürli künjeginden gelen miweler bilen elýeterli bahadan doldurmak isleýän bolsaňyz — «Täze Aý» siziň ygtybarly hyzmatdaşyňyz bolmaga taýýardyr.

Miweleriň halkara söwdasyndan başga-da, «Täze Aý» kompaniýalar topary — Türkmenistanda şöhlat önümleriniň, konditer we süýt önümleriniň iň iri öndürijileriniň biridir. Kompaniýanyň önümleriniň we azyk harytlarynyň halkara hil we howpsuzlyk standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän azyk önümleriniň takmynan 500 görnüşi bar.
«Täze Aý» bazardaky ornuny berkitmegi dowam etdirýär we alyjylara diňe täze önümleriň we azyk harytlarynyň iň gowusyny hödürleýär.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +99371923070, +99371924010
El. poçta: info@tazeay.com
Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary etraby, «Täze oba» daýhan birleşigi
