ABŞ-da 60 ýaşly pensiýadaky erkek kişi neýroulgamdan duzsuz berhizi düzüp bermegi haýyş etdi we netijede ruhy näsaglaryň hassahanasyna ýerleşdirildi.
Bu waka barada Waşington uniwersitetiniň alymlarynyň «Annals of Internal Medicine» žurnalynda çap edilen makalasynda aýdylýar diýip, «Report.az» habar berdi.
Habarda erkek kişiniň öň ruhy taýdan sagat bolandygy, emma emeli aňa ýüz tutup, onuň taýýarlap beren berhiz boýunça gözükmesini peýdalanyp, agyr ruhy kesele duçar bolandygy aýdylýar.
Ýagny pensioner iýmitlenişinden hloridi aýyrmak isläp, ChatGPT 3.5 ýa-da ChatGPT 4.0 ulgamyndan maslahat sorapdyr. Emeli aň oňa hloridi bromid bilen çalyşmagy maslahat beripdir. Bromidi kabul etmek öz gezeginde bromizme, ýagny bromuň birleşmeleri zerarly ötüşen zäherlenmä, deri örgünlerine, ysgynsyzlyga, huşuň bozulmagyna hem-de beýleki akyl hassalyklaryna getirýär.
