Beýik Britaniýanyň öňki Premýer-ministri Uinston Çerçilliň äýnegi satuwda peýda boldy. Onuň başlangyç bahasy 59,9 müň funt kesgitlendi diýip, auksion öýüne salgylanýan TASS habar berdi.
1954-nji ýylda ýasalan äýnegi syýasatçy ikinji möhletde Hökümet başlygy döwründe dakynypdyr. Äýnek oňat saklanypdyr hem-de muzeýler we hususy toplumlar üçin ýokary derejeli gymmatlyk bolup durýar.
Uinston Çerçill Beýik Britaniýanyň 1940-1945 we 1951-1955-nji ýyllarda Hökümet başlygy boldy hem-de Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň we Sowet Soýuzynyň arasynda Gitlere garşy bileleşigiň döredilmeginde möhüm hyzmaty bitirdi.
