Hindistanyň Bihar ştatynda Gowinda atly bir ýaşly çaga kepjebaşy oýnawaçdyr öýdüp, dişi bilen çeýnäp öldürdi. Bu barada «Hindustan Times» neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar. Çaganyň enesiniň sözlerine görä, ol ýylany dişläp, iki bölege bölüpdir, ondan soňra ýylan ölüpdir.
Zäherli ýylan öýe giripdir, ony çaga görüpdir. Uzynlygy 60 santimetre golaý bolan ýylan çaga golaý baran bolmaly. Çaga ony dessine garbap tutup, agzyna salypdyr.
Wakadan soňra çagany hassahana äkidipdirler. Lukman Dewikant Mişranyň gürrüň bermegine görä, çagada zäherlenmäniň alamatlary ýok, onsoňam oňa degişli bejergi berlipdir. Çaga wakanyň yzysüre huşundan giden ekeni, emma häzir onuň ýagdaýy kadaly.
Kepjebaş ýylanyň bir gezek çakmagy pili ýa-da 20 adamy öldürmäge ukyply. Onuň zäheri beýnidäki dem alyş merkezlerini hatardan çykýar, netijede, ýürek ýetmezçiligi we dem almagyň togtamasy ýüze çykýar.
Kepjebaşlaryň uzynlygy 5,5 metre ýetýär. Emma olar adatça gorkak bolýarlar, adamlardan gaçýarlar.
